Ýumurtgadan üýtgeşik heýgenek bişirilişi. Ýeňiljek, ýumşajyk heýgenek.
Içindäkiler — Heýgenek (omlet) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 6 ýumurtga
- yag
- duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrýas. Ýumurtganyň sarysyny bulaýas, guz burç islege görä sepýäs. Agyny mikserde köpürjikletmeli.
- Sajymyzy aram otda gyzdyrmaly, ýag guýmaly. Ýumurtganyň sarysynyň ýarysyny gyzan sajymyza guýýas. 3-5 minut garaşýas. Ýumurtganyň agynyň ýarysyny üstüne deňje edip guýmaly. 7-10 minut gapagyny ýapyp bişirmeli.
- Bişen ýumurtgany tarelka çykarmaly. Galan ýarysyny hem edil şularýaly edip bişirmeli.
- Ikinji bölegini birinjiniň üstüne seresaplyk bilen agdaryp goýmaly.
- Taýyn gumurgany kesip iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary







-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.