Skip to content

Kremli towuk çorba

Kremli towuk çorba

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 45

Gaýmakly towuk çorbasy, tagamly we bişirmek aňsat resepti. Islege görä çorba käşir, brokoli, sogan, tüwi, lawr ýapragy hem goşup dürli tagamlar döredip bilersiňiz.

Içindäkiler — Kremli towuk çorba taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sany süňkli towyk döşi.
  • 6 stakan suw.
  • 2 çemçe mesge.
  • 1 çaý çemçesi un.
  • 200ml gaýmak.
  • duz, gara burç.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Towugy suwda gowy edip ýuwmaly we gazana suw guyup 20miniut orta otda gaýnatmaly. Towuk ýumşamaly. Bulýon dury bolar ýaly gazanyň ýüzüne çykýan köpürjikleri aýurmaly.
  2. Bişen towugy çykarmaly we deri, süňk, kykyrdawygyny aýyrmaly. Etini elimiz bilen kiçi böleklere dogramaly.
  3. Aýry bir gazanda mesgäni eretmeli. Köpürjiklän ýaga un goşup biraz gyzarýança pes otda gowurmaly.
  4. Gyzgyn towuk suwyny süzüp azajykdan goşmaly we dügürtek emele gelmez ýaly garmaly.
  5. Duz, burç goşmaly. Gaýmak we didilen towuk etini goşmaly. Pes otda 15 minut bişirmeli. Gaýmak goşan soň hökman pes otda bişirmelidir.
  6. Taýyn bolan kremli towuk çorbasyny nahar käselerine guýmaly. Üstüne dogralan petruşka sepmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 691 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň