Golupsy we teftelli çorba

Golupsy we teftelli çorba

Profil suradyTagamlar
31 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Taýynlanmagy añsat we ýönekeý çorba resepti.

Içindäkiler — Golupsy we teftelli çorba taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 300 gram farş
  • 1 ýumurtga
  • 1 nahar çemçesi tüwi
  • 1 sogan
  • 6 bolgar burç
  • 3 käşir
  • 3 kartoşka
  • 3 pomidir
  • 1 litr suw
  • 40 ml. günebakar ýagy
  • Duz we gara burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Farşy, ýumurtgany, tüwini burç we duz goşup garmaly. Bolgar burçlaryny daşyny bölmän içini arassalamaly. 1 bolgar burjy ownuk dograp soñ ulanmak üçin aýyrmaly. Farşdan garylan dolgy bilen doldurmaly, agzynyñ ýanyny azajyk oýuk edip goýmaly, tüwi çişip çykmaz ýaly.
  2. Galan garyndy farşdan kiçi tegelek şarjagaşlar ýasamaly.
  3. Gazana ýag guyup gyzdyrmaly. Ownuk dogralan sogany we aýyran bolgar burçymyzy gazana atyp ýumşaýança bişirmeli. Pomidory kici kubiklere dograp gazana atmaly. Käşiri kiçi dograp gazana atmaly. Ýasan bolgarly dolmalary we teftel şariklerini gazana goýmaly we 5 minut gapagyny ýapyp bişirmeli.
  4. Gazana suw goşmaly. Kartoşkany orta kubik şeklinde dograp atmaly. Duz we burç agyz lezzetine görä goşmaly. Suw gaýnaýança ody güýçlendirmeli. Gaýnan soñ haýal otda kartoşka ýumşaýança bişirmeli, takmynan 45 minut.
  5. Işdäñiz açyk bolsyn.

Suratlary

Golupsy we teftelli çorba surat 1Golupsy we teftelli çorba surat 2Golupsy we teftelli çorba surat 3Golupsy we teftelli çorba surat 4Golupsy we teftelli çorba surat 5Golupsy we teftelli çorba surat 6Golupsy we teftelli çorba surat 7

Golupsy we teftelli çorba senesinde bölümüne goşuldy. 1,835 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň