Duhowkada bişirilen şugundurdan püre çorba has doýgyn tagamly bolýar. Gaýmak we ukrop bilen saçaga goýsa bolýar.
Içindäkiler — Şugundyr püre çorbasy taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 300 gram kartoşka
- 300 gram şugundyr
- zeýtun ýagy
- duuz, gara burç islege görä
- 1 sany seldereý
- 1 sogan
- 1 diş sarymsak
- 1 litr towukly ýa-da sebzeli bulýon
- 1/2 çaý çemçesi gury tinýan
- 1 lawr ýapragy
- 1 çemçe limon sogy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Duhowkadany 190C derejä çenli gyzdyrmaly. Kartoşka we şugundury arassalamaly, kubik şeklinde kesmeli, duhowkanyň formasyna goýmaly, zeýtun ýagyny guýmaly, duzlamaly we burçlamaly.
- Gyzgyn duhowkada ýumşaýança bişirmeli, takmynan 1 sagat.
- Gazanyň düýbüne 2 çamçe zeýtun ýagy guýmaly, ownuk dogralan seldereý, sogan, sarumsak salmaly. Sogam bişýänçe gowurmaly, takmynan 5 minut. Duhowkada bişen gök önümleri, bulýon, timýan, lawr ýapragyny goşmaly. Gaýnama derejesine ýetirim ody peseltmeli. Seldereý ýumşaýança bişirmeli, takmynan 45 minut.
- Otdan aýyrmaly, lawr ýapragyny çykarmaly. El blenderi bilen püre şekline getirmeli. Süýt we limon sogyny goşmaly, garmaly.
- Süýdiň ýerine gaýmak ýa-da gatyk ulansa hem bolýar.
-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.