Kömelekli rizotto

Kömelekli rizotto

Profil suradyvici
16 resept
1 adamyň depderinde
Depderime goş

Rizotto (risotto) demirgazyk Italýanyň tüwili nahary. Kömelegiň tagamy tüwä siňip güýçlendirilen nahar iýesiňiz gelýän bolsa bu rizotto reseptini edip görüň. Köpetdagyň eteginde domalan tapyp goşsaňyz bu naharyň tagamyny has hem lezzetli bolar.

Içindäkiler — Kömelekli rizotto taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 gram kömelek
  • 2 stakan tüwi
  • 2 çemçe suýuk ýag
  • 150 gram peýnir
  • 1 kubik gury bulýon ýa-da 1 litr suýuk bulýon
  • 1 sany domalan (trufel) (bolsa gowy, bolmasa hem bolýar)

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Aýry gapda bulýon taýynlamaly, duzlamaly. Bulýon ýylyjak bolup gapdalda haýal otda ýylap durmaly.
  2. Peýniri syhahdan geçirip taýyn edip goýmaly.
  3. Kömelekleri inçe dogramaly. Gazana ýag goşup kömelekleriň suwy gidýänçe gowurmaly.
  4. Tüwini goşup çala gyzarýança gowurmaly.
  5. Gazana 1 susak bulýondan goşup suwy gidýänçe bişirmeli, bulap durmaly. Her gezek suwy çekenden soň ýene bir susak guýmaly. Tüwi aldende bolup bişýänçe bu adimi gaýtalamaly. Tüwi bişen wagty bulýon hem guýulup gutarýar. Gazanyň odyny öçürmeli.
  6. Syhahdan geçirilen peýniri gazana goşup garmaly.
  7. Domalan hem bar bolsa 1 sanagyny syhahdan geçirip tabaklara salynan naharyň üstüne sepelemeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Kömelekli rizotto surat 1Kömelekli rizotto surat 2Kömelekli rizotto surat 3Kömelekli rizotto surat 4

Kömelekli rizotto senesinde bölümüne goşuldy. 1,296 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň