Hamyr ýowurmak islemeýänler üçin taýyn lawaşdan towukly somsa resepti. Somsalary isleseňiz duhowkada ýa-da skawarodkada gowurup bilersiňiz.
Içindäkiler — Lawaşdan towukly somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 200 gr towuk
- 1 sogan
- 1 kartoşka
- 100 gr peýnir
- 4 list lawaş
- 1 ýumurtga
- ukrop, petruşka
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towugy gowy edip ýuwmaly we derisi süňki bilen suwly gazanda 20 minut orta otda gaýnatmaly. Bişen soň derisini süňkini aýyryp dogramaly.
- Kartoşkany we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen gowurmaly.
- Peýniri we otlary ownuk dogramaly we ahli önümleri garmal.
- Lawaşy 7 santimetr galyňlykda uzyn edip kesmeli. Içine bir çemçe taýynlan garyndymyzy goýmaly. Lawaşyň galan ýerine ýumurtga çalmaly we üçburç şekilde eplemeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly we islege görä mak ýa-da künji sepmeli.
- Somsalary 150 gradus duhowkada 5-10 minut gyzarýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary


-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.