Skip to content

Narpyzly limonad

Narpyzly limonad

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 20

Içindäkiler — Narpyzly limonad taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 3 sany uly limon
  • 1.5 stakan şeker
  • 3 litr suw
  • ýarym stakan narpyz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Limonyň sokyny gysyp bir stakana guýmaly. 3 uly limondan bir stakan sok çykýar.
  2. Bir stakan suwy gaýnatmaly we şeker goşup ereýänçä bulamaly.
  3. Uly gapda (kuwşin) limon sogyny, eredilen şekerli suwy we galan suwy garmaly. Narpyzyň ýapraklaryny içine atmlay. Sowar ýaly holodilnikde 1 sagat goýmaly.
  4. Owadanlyk üçin tegelek kesilen limon böleklerini goşsa bolýar. Tiz sowatmak üçin buz böleklerini hem goşsa bolýar.
  5. Mende 15 stakan limonad çykdy.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 2,227 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň