Semene (sümelek)

Semene (sümelek)

Profil suradyÖwrenje
2 resept
Ilkinji bolup depderiňe goş
Depderime goş

Adatça semene ýazda, Nowruz baýramyna gabatlap, bir näçe maşgala bolup, bilelikde bişirilýär.

Içindäkiler — Semene (sümelek) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 300 gr bugday
  • Suw
  • 1 kg un

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Bugdaýy ýuwup, üstüne sowuk suw guýup goýmaly. Ertesi bugdaýyň suwuny döküp, täze suw guýmaly.
  2. Üçülenji gün bugdaýyň suwuny döküp, ýene birki gezek ýuwmaly. Soň ony ýalpak gaba guýup, endigan ýaýratmaly-da, üstüni çygly mata bilen örtüp, ýyly ýerde goýmaly. Däneleriň üstündäki matany günde iki gezek ölläp durmaly. Dört-bäşilenji gün bugdaýyň aşagynda ak inçejik şineler emele geler, üstündäki baldajyklar çala ýaşyl öwsüp başlaýar. Ýedinji günün şinelän bugdaý semeni etmäge taýýar bolýar.
  3. Bugdaýyň baldaklaryny, köklerini bölüşdirip, blendere (elektrik garyja) atip, onuň üstüne azajyk suw guýmaly we üwemeli (ýa-da et üwelýände üwäp, soň suw garmaly).
  4. Süzgüjiň icine iki gat hasa ýazmaly. Süzgüji çuňňur gabyň üstünde goýup, bugdaý üwelende emele gelen süýtli suwuklygy süzgüçden geçirmeli. Hasanyň gyralaryny epläp, bugdaý lötüni sykmaly. Hasanyň içindäki löti blendere atip, gaýtadan suw guýup, ýene üwemeli we süzgüçden geçirmeli. Muny 3 gezek gaýtalamaly (2-nji hem 3-nji gezekde suwuklygyň reňki açygrak bolýar). Men bugdaýy üwämde jemi 10 bulgur suw ulandym.
  5. Uly gazana un guýup, onuň üstüne az-azdan süýtli suwuklygy guýup, düwür galmaz ýaly, gowy garmaly. Soňra gazany aram otda goýmaly we unly garyndy gowy goýalýança dowamly bulamaly. Garyndynyň reňki 25-30 minut goňralyp başlaar. Garyndy suwuny doly çekende, onuň üstüne 2 bulgur suw guýmaly soňra 5 minutlap bulamaly. Gazanyň oduny öçürip, gapagyny ýapyp, 25-30 minut goymaly. Taýýar bolan semenini gaba guýup, sowyança goýmaly.

Suratlary

Semene (sümelek) surat 1Semene (sümelek) surat 2

Semene (sümelek) senesinde bölümüne goşuldy. 210 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň