Içindäkiler — Duhowkada kartoşkaly kotlet taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 300 gram üwelen et
- 1 sogan
- 4 diş sarymsak
- 1 ýumurtga
- 100 gram çörek
- 2 çemçe tomat
- Duz, burç, petruşka
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Petruşka, sogan we sarymsagy blenderde ownyk dogramaly.
- Ýumurtga, üwelen et, soganly garyndy, duz, burç bir gapda garmaly. Çöregi hem blenderde aýry dogramaly we kotlede goşup garmaly.
- Kartoşkany inçe tegelek şekilde kesmeli.
- Kotledi kiçiräk edim tegelek etmeli we kartoşka biilen gezekleşdirip bişirýän gabymyza örmeli.
- Ortasynda boşluk galsa bolgar burç we pomidor goýmaly.
- Bir gapda suw bilen tomaty garmaly we duz goşmaly. Bişirýan gabymyza guýmaly.
- Multiwarka "Wupeçka" rejimde ýa-da duhowkada 40 minut bişirmeli.
- Ýanyna tgaýnadylan tüwiden garnir edip saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary






-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.