Goýnuň guýrugy ýa-da malyň ýagy gowrulandan soň eremän galýan gowurdak, ýag gowurdagy, jyzzyk.
Içindäkiler — Jigirdek (jyzzyk) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- Goýun guýruk ýagy
- Suw (guýruk ýagyn möçberine göra)
- Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Guýruk ýagyny başam barmagyn yokarky bogny ýaly gornuşde dogramaly.
- Gazana salyp üstune çykyp duran suw guýmaly we gaýnaýança güýçli otda goýmaly.
- Gaýnap başlanda ýüzüne çykan ak köpüklerni aýyrmaly we aşagyny peseltmeli. Duzuny atmaly.
- 2,5 sagat töweregi gowja gaýnan soň suwy gutaryp jigirdek ýaga durup başlaýar we gazandan lykyr-lykyr sesler gelýär. Şondan soň gazanyň oduny güýçlendirip jigirdegi gyzarýança gowurmaly.
- Aşagyny öçürip jigirdegni aýry gaba süzüp almaly. Dury ak ýagyny aýratyn gaba salyp sowamana goýmaly.
- Jigirdegi ýagly, etli çoreklere ulanyp bilersiňiz dury ýagyny bolsa dürli naharlara goşsaňyz hem oran tagamly bolyar. Jigirdegi gury gyzgyn türkmen çoregi bn çaŷyň yanyndan hem iýseň bolýar!
Suratlary







-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.