Kafelerdäki ýaly köp köpürjükli kofe öýüňizde edip içesiňiz gelýärmi? Bu ýönekeý resept bilen köpürjügi azalmaýan kofe ýasap bilersiňiz.
Içindäkiler — Köpürjükli kofe taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 40 ml kofe
- 40 ml şeker
- 40 ml suw
- 3 stakan süýt
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Kofe, şeker we suwy inçe beýik bir gapda mikser bilen, iň güýçli rejimde 5 minuda golaý garmaly. Goýy, gaby ters öwürseňizem dökülmeýän köpürjük emele gelýär.
- Bir gapda süýdi gaýnaýança oda goýup ýylatmaly.
- Kofe içjek stakanymyza ýa-da bakala 2 çemçe köpürjik goýmaly. Gyzgyn süýdi stakany bir gapdala gyşardyp haýljadan guýmaly. Süýt köpürjügi üýtgetmän aşagyna geçmeli.
- Eger ulanylmadyk köpürjük galsa holodilnige goýup soň hem kofe edip içse bolýar.
- Işdäňiz açyk bolsun.
Suratlary










Edenlerden Suratlar
1 adam bu resepti edip suradyny iberdi.
-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.