Skip to content

Merenga (Meringue, Безе)

Merenga (Meringue, Безе)

Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40

Merenga köplenç Şwetsariýa, Fransiýa, Polşa ýa-da Italýan aşhanasynda duş gelýän desert ýa-da süýji.

Içindäkiler — Merenga (Meringue, Безе) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 ýumurtganyň agy
  • 1 stakan şeker
  • 5 gr wanilin
  • 2 gr limon kislatasy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Suw banýasyny ýasamaly. Bir gazanyň içine biraz suw gýmaly. Üstüne gury aýna ýa-da demir gap goýmaly. Üstüne goýan gabymyz suwa we gazanyň düýbüne degmeli däl. Üstündaki gaba ähli önümleri goýmaly. Gazany haýal otda goýmaly. Garyndyny şeker ereýänçe bulamaly.
  2. Şeker eränden soň gabymyzy gazandan aýyrmaly we aşagyny süpürmeli. Mikser bilen haýal tizlikde garmaly. Ýuwaşjadan garyp mikseriň tizligini soňky derejä çenli ädimler bilen gataltmaly. Krem gowuja goýalýança garmaly.
  3. Protfine pergament kagyz (ýagly kagyz) ýazlamy. Kremi konditer haltajynyna goýup islän şekliňizi protfine ýasamaly. Isleseňiz konfeti bilen hem üstüni bezäp bilersiňiz.
  4. Duhowkany 80-100 gradusda gyzdyrmaly we 30-40 minut merengany bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Merenga (Meringue, Безе) surat 1Merenga (Meringue, Безе) surat 2Merenga (Meringue, Безе) surat 3Merenga (Meringue, Безе) surat 4

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,422 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň