Merenga köplenç Şwetsariýa, Fransiýa, Polşa ýa-da Italýan aşhanasynda duş gelýän desert ýa-da süýji.
Içindäkiler — Merenga (Meringue, Безе) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 ýumurtganyň agy
- 1 stakan şeker
- 5 gr wanilin
- 2 gr limon kislatasy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Suw banýasyny ýasamaly. Bir gazanyň içine biraz suw gýmaly. Üstüne gury aýna ýa-da demir gap goýmaly. Üstüne goýan gabymyz suwa we gazanyň düýbüne degmeli däl. Üstündaki gaba ähli önümleri goýmaly. Gazany haýal otda goýmaly. Garyndyny şeker ereýänçe bulamaly.
- Şeker eränden soň gabymyzy gazandan aýyrmaly we aşagyny süpürmeli. Mikser bilen haýal tizlikde garmaly. Ýuwaşjadan garyp mikseriň tizligini soňky derejä çenli ädimler bilen gataltmaly. Krem gowuja goýalýança garmaly.
- Protfine pergament kagyz (ýagly kagyz) ýazlamy. Kremi konditer haltajynyna goýup islän şekliňizi protfine ýasamaly. Isleseňiz konfeti bilen hem üstüni bezäp bilersiňiz.
- Duhowkany 80-100 gradusda gyzdyrmaly we 30-40 minut merengany bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary




-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.