Goýaldylan süýt (сгущённое молоко) - köplenç şeker bilen konserwirlenen süýt. Köpimiziň kiçilikden çaýa goşup içmäni ýa-da çörege çalyp iýmäni halaýan süýji tagamlaryň biri. Bu reseptde öýde moloko ýasalyşyny siziň bilen paýlaşýan.
Içindäkiler — Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 litr süŷt
- 1.5 stakan şeker
- 0.5 çay çemçe hamyr sodasy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Süýdi bişirimeli. Molokony alyumin ya-da çoŷun gapda bişirmegi maslahat berýän.
- Süýde şekeri atyp, eraýänçä bulamaly.
- Süýt gaýnap durar ýaly aşagynyň oduny sazlamaly.
- Süýt şeker bilen 0.5 sagat töweregi gaýnandan soňra, hamyr sodasyny atmaly we aşagynyň oduny pesde goýmaly, sebabi süyt çowýar dykkatly bolmaly.
- Süýdi ýene 45 minut töweregi renki goňurlaşyp (mele renk) goýalýança gaýnatmaly.
- Süýdiň yüzünde köpurjikler emele gelende molokomyz taýyn bolandygny aňladyar. Eger molokoňyz suwuk bolsa gorkmaň, gaba salyp holodilnikda 4-5 sagat goysaňyz suratdaky yaly goŷy moloko bolar. Tagamy öran lezzetli bolýar. Sizem taýýarlap görüň! Işdäňiz açyk bolsun!
Suratlary






-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.