Skip to content

Şokoladly pesoçny köke

Şokoladly pesoçny köke

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 30

Süýji pesoçny köke ak we şokoladly hamyr bilen edilýän. Çagalar iýmäni halaýar.

Içindäkiler — Şokoladly pesoçny köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

24 sany köke üçin gerekli harytlar:

  • 1,5 stakan un
  • Gabardyjy
  • Ýarym çaý çemçe duz
  • 100 gram mesge
  • Ýarym stakan şeker
  • 1 ýumurtga
  • 3 çemçe süýt
  • Wanilin
  • 170 gram şokolad

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Un, gabardyjy we duzy eläp bir gapda garmaly we bir gapdala aýyrmaly.
  2. Oda ýylylygyndaky mesgäni şeker bilen garmaly. Ýumurtganyň sarysyny, süýt we wanilin goşup ýene garmaly. Un garyndysyny goşup gowy edip garmaly.
  3. Hamyry iki bölege bölmeli. Şokolady mikrowolnowkada ýa-da suw banýasynda eretmeli we hamyryň birine goşmaly. Iki hamyram 30 minut holodilnikde sowatmaly.
  4. Her hamyr bölegini aýry ýaýmaly. Birini beýlekisiniň üstüne goýup rulet etmeli we 1 sagat holodilnige goýmaly.
  5. Hamyry 1 santimetr galyňlykda kesmeli we ýagly kagyz ýazylan protwine goýmaly. 200 dereje gyzdyrylan dohowkada 5-7 minut bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn!

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 17,046 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Teswir ýazyň