Şugyndyr witaminlere baý ösümlik bolany sebäpli gadymdan bäri derman hökmünde ulanylyp gelýär. Ýapraklaryndan salat, kökünden - salat, çorba, zakuska, napitok we desert taýynlap bolýar. Bu reseptde iň köp duş gelýän şugundyr saladynyň taýynlanyşyny siziň bilen paýlaşmakçy.
Içindäkiler — Şugundyr salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 3 sany şugundyr.
- Ýarym limonnyň suwy.
- 3 nahar çemçe ösümlik ýagy.
- Hoz.
- Duz.
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Şugundyry ýuwyp bir gazana goýuň. Üstüne sowuk suw goşup orta otda ýunşaýança gaýnadyň, takmynan 25 minut. Eger witaminlerini goramak islesiňiz gaýnatmagyň ýerine mantgazanda buga bişirip bilersiňiz.
- Suwuny döküp sowuk ýa-da buzy suw guýmaly. Bularýaly edilende şugundyr goýy gyzyl reňkini ýitirmeýär. Şugundyryň daşyny ardyp iri syhahdan geçirmeli.
- Ösümlik ýagy, limon we duzy aýry bir gapda gowyja garyp şugundyra goşmaly. Owradylan hozy hem goşmaly we salady garmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary




-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.