Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 300 | Bişirmek: ⏰ 20
Öýde taýynlamak üçin süýt, salep we şekerden ýönekeý we tagamly doňdyrma resepti. Taýynlan soň dogry sowatmak köp wagt alýar, takmynan 10 sagat. Ýöne edip göreniňe degýär. Salep näme? Salep orhideýanyň soganjygyndan ýasalan paraşok. Optowoýda ýa-da Altyn asyr bazarynda tapyp bilersiňiz.
Içindäkiler — Süýtli salepli doňdyrma taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 litr süýt
- 10 gram salep
- 1 stakan şeker
- 2 paket wanilin (islege görä)
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Süýdi bir gapda gaýnatmaly. Çukur gap bolsa has gowy çünki doňdyrmanyň göwrümi 2-3 esse bolýar.
- Salep bilen 1 nahar çemçesi şekeri bir gapda garmaly. Salep tozaňy ownyk bolany üçin tozap gitmez ýaly garmaly. Garylan şekerli selebi azajýkdan süýde goşmaly we garmaly. 2-3 minut soň süýdiň odyny öçürmeli we süýt sowaýança çemçe bilen garmaly. Ýüzüne gaýmak emele getirmeli däl.
- Süýt gowy sowan soň (ýyly bolmaly däl) 1 stakan şekeri goşmaly we garyp eretmeli.
- Gazany doňdyryja (морозильник) goýmaly we her sagatdan çykaryp garmaly. Ilk iki gezek çemçe bilen garmaly. Soňky gezekler 5 minut ir almaly we mikser bilen garmaly. Mikser bilen garanda doňdyrma çişýär we ýumşajyk bolýar. 7-8 gezek garan soň doňlar emele gelmez ýaly içinde howa galmaz ýaly paket bilen ýapyp 4-5 sagat doňdyryjyda goýmaly.
- Taýyn bolan doňdyrmany koritsa we narpyz bilen tagamlandyryp iýip bilersiňiz.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Öýde taýynlamak üçin süýt, salep we şekerden ýönekeý we tagamly doňdyrma resepti. Taýynlan soň dogry sowatmak köp wagt alýar, takmynan 10 sagat. Ýöne edip göreniňe degýär. Salep näme? Salep orhideýanyň soganjygyndan ýasalan paraşok. Optowoýda ýa-da Altyn asyr bazarynda tapyp bilersiňiz.
IÇINDÄKILER:
• 1 litr süýt
• 10 gram salep
• 1 stakan şeker
• 2 paket wanilin (islege görä)
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Süýdi bir gapda gaýnatmaly. Çukur gap bolsa has gowy çünki doňdyrmanyň göwrümi 2-3 esse bolýar.
✔ Salep bilen 1 nahar çemçesi şekeri bir gapda garmaly. Salep tozaňy ownyk bolany üçin tozap gitmez ýaly garmaly. Garylan şekerli selebi azajýkdan süýde goşmaly we garmaly. 2-3 minut soň süýdiň odyny öçürmeli we süýt sowaýança çemçe bilen garmaly. Ýüzüne gaýmak emele getirmeli däl.
✔ Süýt gowy sowan soň (ýyly bolmaly däl) 1 stakan şekeri goşmaly we garyp eretmeli.
✔ Gazany doňdyryja (морозильник) goýmaly we her sagatdan çykaryp garmaly. Ilk iki gezek çemçe bilen garmaly. Soňky gezekler 5 minut ir almaly we mikser bilen garmaly. Mikser bilen garanda doňdyrma çişýär we ýumşajyk bolýar. 7-8 gezek garan soň doňlar emele gelmez ýaly içinde howa galmaz ýaly paket bilen ýapyp 4-5 sagat doňdyryjyda goýmaly.
✔ Taýyn bolan doňdyrmany koritsa we narpyz bilen tagamlandyryp iýip bilersiňiz.
Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 300 | Bişirmek: ⏰ 20
📷 Suratlary → https://tagamlar.com/resept/suytli-salepli-dondyrma/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap