Iki reňkli owadan we tagamly zebra keks
Içindäkiler — Zebra keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 ýumurtga
- 1 käse şeker
- 200gr mesge
- 1 käse süýt
- 1.5 käse un
- 1 çemçe kakao
- 0.5 çay çemçe soda
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ilki bilen içi gury bolan okara 2 sany ýumurtgalarymyzy salyp gowuja köpürdip alýas. Soňra 1 käse şekerimizi goşup şekerimiz eräp yok bolýança ýene köpürdýäs.
- Indi 200gr mesgämizi eredip goşýas son ýene azajyk garyşdyryp süýdimizi hem goşýas. Hemmesi bir hili massa bolýança garyşdyrýas. Soňra 0.5 çay çemçe sodamyzy gosup gowy garyşdyrýas.
- Soňunda 1.5 käse unumyzy gosup garyşdyrýas. Unymyzy garanymyzda 1 hili massa emele gelmeli.
- Indi hamrymyzy 2 gaba deň bölüp alýas we 1 gapdaky hamyra kakaony goşýas we garyşdyrýas. Indi bizde iki hamyrymyz bar ak hem gara.
- Bişirmek üçin niýetlenen galybymyzy alýas we oňa hamyrlarymyzy ilki ak hamyrdan soň gara hamrymzdan bir çemçeden salýas tä hamrymyz gutaryança şeýdip salýas.
- Bişirmek uchin 180 gradus gyzyp duran pejimizde 25 minutda taýýar bolar.
Suratlary



-
Bu resepti etdiňizmi? Suradyny iberiň.